logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Mama Babaýewa (1922-2005)




Mama Babaýewa 1922-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň «Ýüzbaşy» daýhan birleşiginde dünýä inýär. Ol 1939-njy ýylda Aşgabat şäherindäki mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebini tamamlaýar we şol ýyl Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda here-ket edýän teatr studiýasyna kabul edilýär. Bu ýerde Mama Babaýewa aktýor-çylyk sungatynyň inçe tilsimlerini öwrenýär, hemem artist bolup zähmet çekýär. Şeýlelikde, Mama okuw bilen zähmeti bilelikde alyp gitmek bagty mi-ýesser edýär. Mama Babaýewa 1939-njy ýylda Sabyr Ataýewa, Täçbibi Ga-purowa, Fahriýa Alyýewa dagy bilen ilkinji gezek teatryň gapysyndan ätle-ýär. Olaryň ilkinji mugallymy meşhur režissýor Arkadiý Isaýewiç Abrusin bolýar. A.Abrusin türkmen teatrynyň sahnasynda ilkinji gezek «Zöhre we Tahyr» atly sahna eserini sahnalaşdyrýar we Gülzadanyň keşbini janlandyr-magy M.Babaýewa ynanýar. Bu keşp Mama Babaýewanyň teatryň sahna-synda döreden ilkinji keşbi bolýar. Bulardan başga-da, Mama Babaýewanyň teatryň sahnasynda janlandy-ran şowly çykan keşplerinden «Jumada» Güldesse, «Aýgytly ädimde» Aýna, «Ykbalda» Uzuk, «Wasýa Železnowada» Natalýa, «Iki hojaýynyň hyzmat-kärinde» Klariçe, «Taýfunda» Tsifin, «Mollanepesde» Läle, «Balsaýat we jadylanan Meleguşda» Nabat, «Daň atanynda» Bossany ýatlap geçmek bolar.

Mama Babaýewany tomaşaçylar köpçüligi diňe bir teatryň sahnasynda janlandyran keşpleri arkaly däl, eýsem, kino sungatynyň üsti bilen hem tana-ýardylar. Muňa mysal edip «Derýanyň aňyrsy serhet» atly filmindäki Ata atly gahrymanyň ejesiniň keşbini, şonuň ýaly-da «Çopan ogly», «Aşyr aga-nyň hötjetligi» çeper filmlerindäki janlandyran keşpleri-de kino muşdakla-rymyz tarapyndan gyzgyn garşy alnan keşplerdir. Şonuň ýaly-da, Mama Ba-baýewa «Türkmenfilm» kinostudiýasynda «Dublýaž» terjime bölüminde hem ençeme ýyllaryň dowamynda filmlere ses berdi. Mama Babaýewa diňe bir teatr ýa-da kino sungaty bilen meşgullanman, eýsem, telespektakllarda we radiooýunlarda-da çykyş edip, özüniň tebigy zehini bilen halka medeni-ýetli hyzmat eden zenandyr. M.Babaýewanyň türkmen teatr we kino sungatynda irginsiz çeken dö-redijilikli zähmeti göz öňünde tutulyp, oňa 1967-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakylýar.