logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BAGTYÝAR UÇURYMLAR

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, watanyň taryhy geçmişini, şu gününiň beýik ösüşlerini öwrenýän ýaşlaryň, durmuşa bolan gözýetimi barha giňdir. Çünki olar Diýarymyzyň ýagty gelejegini nazarlaýan beýik işleriň, maksatly tutumlaryň tarapdarlarydyr.

Ýaşlaryň ylaýtada orta mekdebi tamamlaýan mekdep uçurymlarynyň durmuşynda bu günki gün ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi. Şeýle bagtyýar uçurymlaryň hatarynda bolan, Arkadag şäheriniň uçurymlary hem özlerine bildirilýän uly ynamy ödemekligi maksat edinýärler. Olar şeýle ajaýyp günlerde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna gezelenç etdiler we bu ýerdäki ajaýyp kitaplar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Gezelençli söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi we oňa gatnaşyjylar ýaş nesilleriň aýdyň gelejegi üçin taýsyz tagallalar edýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.