logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

EDEP-TERBIÝE-YNSAN BEZEGI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Edep-terbiýe-ynsan bezegi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde milli medeniýetimiziň, gadymdan gelýän şöhratly taryhymyzyň öwrenilmegine uly üns berilýär. Ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň,däp-dessurlarynyň ylmy esasda öwrenilmegi we sarpalanmagy ähli ildeşlerimizi buýsandyrýar.Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemäge, watansöýüjiligi wagyz etmäge ruhlandyrýar.Bu beýik işlerde Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplary gymmatly gollanma bolup durýar diýip, uly buýsanç bilen nygtadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy,ýaş nesillerimiziň röwşen geljegi üçin beýik başlangyçlary öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.