logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GÖZELLIK NUSGASY-TÜRKMEN HALYSY

Balkan welaýat kitaphanasynyň Sungat bölümçesi we Saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Balkanabat şäher Geňeşi bilen bilelikde Türkmen halysynyň we dokma senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Gözellik nusgasy-Türkmen halysy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Oňa kitaphanaçylar, Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň Balkanabat şäherindäki önümhana halyçy gelin-gyzlar gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan, gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyz bolan halylarymyzy dokamaklykda bu gadymy hünäri ýaş nesillere öwretmekde we şan-şöhradyny dünýä ýaýmakda çäksiz uly işleriň durmuşa geçirilýänligi barada giňişleýin söhbetler edildi.

Söhbetdeşligiň çäklerinde Türkmen halysynyň baýramçylygyna bagyşlanyp haly we haly önümlerinden,el işlerinden gurnalan sergisi çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli gymmatlyklarymyzy öwrenmäge, halypa-şägirtlik ýolyny dowam etdirmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.