logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

OGUZLAŇ KELAMY, TÜRKMEN HALYSY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Oba hojalyk edebiýatlary we medeni-köpçülik işleri bölümleri «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Oguzlaň kelamy, türkmen halysy» atly baýramçylyk duşuşygynyň çäginde «Haly–türkmeniň kalby» atly giňişleýin kitap sergisini hem ýazgy etdiler.

Bu giňişleýin kitap sergisinde Döwlet kitaphanasynyň altyn gaznasyndaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri, şeýle-de halylar baradaky kitap neşirleri hem ýerleşdirildi. Bu kitap sergisini görmäge gelenler, özlerini gyzyklandyrýan maglumatlary hem öwrenip bildiler. Kitap sergisini görenlerde halylara bolan gyzyklanma has hem artdy.

Mähriban halkymyza işlemäge, döretmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunymyzy aýdýarys.