logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

PARAHATDYR DIÝARYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda «Parahatdyr diýarym, eziz Türkmenistanym» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini ösdürmek, dünýäde giňden wagyz etmek, şonuň bilen birlikde ýurdumyzda ähli pudaklar boýunça birnäçe işleri amala aşyrmak, biziň asylly maksatlarymyza öwrülendigi, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň abadan we parahat durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary edýändigi, häzirki wagtda ýaş nesillerimiziň watansöýüji bolup ýetişmegi, ýurdymyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşmaklary ugrunda beýik işleriň durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Ýurdymyzyň dürli künjeklerinde Watanymyzyň parahatlygyny wasp edýän dabaralar ýaýbaňlanyp, bu bolsa ýaş nesillerimizi Watançylyk ruhunda terbiýelemäge, olarda asuda Watanymyza bolan çäksiz söýgüsini has-da artmagyna uly täsirini ýetirýändigi bellediler.

Çäräniň dowamynda talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren Watanymyzy, Baky Bitaraplygymyzy wasp edýän goşgulary çäräniň täsirini has-da artdyrdy.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.