26-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragyna guramaçylykly girişmek hem-de ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen zerur taýýarlyk işleri geçirildi. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu agrotehniki çärelerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär.
Mundan başga-da, häkim welaýatda Çagalary goramagyň halkara güni hem-de Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine, şeýle hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
«Türkmenistan» gazeti