20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda galla oragy möwsümine taýýarlyk görmek maksady bilen zerur guramaçylyk çäreleri geçirildi. Tohumlyk ekilen bugdaýyň hasylyny talabalaýyk ýygnap almak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Bu agrotehniki çärelerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Şunuň bilen birlikde, pile möwsüminiň çäklerinde taýýarlanylan piläni kabul ediş nokatlaryna tabşyrmak işleri dowam edýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim 25-nji maýda welaýatda “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň, şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmagyň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
«Türkmenistan» gazeti