logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

2025-NJI ÝYL-HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY

2025-NJI ÝYL-HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilen bilelikde ýany-ýakynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen şygar bilen atlandyrylmagy mynasybetli söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin belent maksatly beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp. asuda, parahat zamanasynda ýaşamak, bilim almak, işlemek, döretmek her bir türkmen raýaty üçin uly bagt. bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygy barada aýratyn nygtadylar. Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bagtyýar ýaşlaryň ýurduna öwürmek babatda alyp barýan adyl syýasaty, ata Watanymyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmekde ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler, olara Hormatly Prezidentimiz tarapyndan bildirilýän çäksiz ynam dogrusynda buýsançly gürrüňler etdiler. Şeýle-de häzirki wagtda Garaşsyz. hemişelik Bitarap ýurdumyzda asudalygy, parahatçylygy, daşary döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada buýsanç bilen aýtdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Watanymyzy ähli ugurlar boýunça belent sepgitlere ýetirmekde ýaşlara görelde mekdebi bolýan, olara okamaga. işlemäge, döretmäge giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.