16-njy fewralda ýurdumyzda 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy diýlip yglan edilen Köneürgenç etrabyna 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda açylyp ulanmaga berlen Bitaraplyk şäherçesinde guraldy.
13-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilişi ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgesi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň mynasyp dowamyna öwrülip, ajaýyp özgertmelere, adam hakyndaky aladalara esaslanýan beýik işlere giň ýol açýar. Ajaýyp zamanada, bagtyýar durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyz bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýan Watanymyzda gazanylýan ýokary derejedäki üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere tüýs ýürekden guwanýar. Garaşsyz Diýarymyzda her ýyl ýurdumyzyň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda iň gowy görkezijileri gazanmak ugrunda bäsleşigi guramak asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, geçen ýylda hem durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler babatda iň gowy etraby kesgitlemek boýunça degişli topar tarapyndan tassyklanylan tertipde işler alnyp baryldy. Onuň netijeleri boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” şygary astynda geçen 2025-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby ýurdumyzyň iň gowy etraby hökmünde kesgitlenildi.
Hökümetiň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýeňiji bolan etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda, şeýle hem 2026-njy ýylda etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň arasynda täze bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýruklara gol çekdi. Bu waka ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň ýaşaýjylaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Şu mynasybetli guralan dabaranyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden bellenilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň many-mazmunyny ebedilik adyna ýazan Bitaraplyk şäherçesinde geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Şäherçäniň medeniýet öýüniň öňündäki meýdançada guralan dabara welaýatyň köp sanly ýaşaýjylary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu ýerde gurnalan ak öýleriň töwereginde türkmeniň milli toý däp-dessurlary ýerine ýetirildi. Şeýle hem dabara gatnaşyjylar milli gymmatlyklarymyzy, bagtyýar döwrümize bagyşlanan sungat eserlerini özünde jemleýän sergi bilen tanyşdylar. Medeniýet we sungat ussatlary, dessançy bagşylar joşgunly aýdym-sazlary bilen çärä gatnaşyjylara ruhy lezzet paýladylar.
Soňra çäre medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda dowam etdi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň ilatyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Köneürgenç etrabynyň zähmetkeşleriniň geljekde hem ähli yhlasyny we tagallalaryny Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirjekdiklerine berk ynam bildirdi. “Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň: «Watana bolan söýgi ynsan üçin iň beýik söýgüdir. Mukaddes söýgüdir. Watana bolan söýgi ynsanyň tutuş ömrüni bezeýär.
«Türkmenistan» gazeti