logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

2026-NJI ÝYL «GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçylary «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde 2026-njy ýyly «Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýazgy etdiler.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýyly dogrusynda çykyş edenler bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her bir ýyly täze şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrülendigi, ýurdumyzda her ýylymyzyň döwrebap atlandyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlanýandygyny tassyklaýar diýip bellediler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.