logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

2026-NJY ÝYL «GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN–BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ÝYLY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwürlendigi, täze 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at–myradyň mekany” ýyly diýilip atlandyrylmagy halkymyzyň ruhyny has-da belende göterendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de uly ruhubelentlik bilen garşylan täze ýylymyz Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyza, bütin türkmen halkyna, rysgal-döwlet, abadançylyk, parahatçylyk, agzybirlik baradaky isleg arzuwlarynyň wysala öwrüljekdigi barada aýtdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, alkyş sözlerini aýtdylar.