logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

2026-njy ÝYLY «GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN- BEDEW BATLY AT–MYRADYŇ MEKANY» DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI SÖHBETDEŞLIK WE ÝAZGY EDILDI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan Sporty” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde Döwlet kitaphanasynyň hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň kitaphanaçylarynyň gatnaşmagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at–myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler hakynda, şeýle hem kitaphana işinde alnyp barylýan işler dogrusynda söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.