logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ABADAN DIÝARYŇ GORAGYNDA

ABADAN DIÝARYŇ GORAGYNDA

Ýurdumyzda her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni giňden bellenilip geçilýär. Watan goragçylarynyň gününiň dabaraly bellenilmegi Döwletimiziň Garaşsyzlygyny, parahat durmuşyny, çäk bitewiligini gorap saklaýan merdana gerçeklerimize bildirilýän uly ynamyň, goýulýan hormatyň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmeniň merdana esgerleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň, ene topragymyzyň, arassa asmanymyzyň, asuda serhedimiziň goragynda sak durýarlar. Ata Watany goramak türkmen ýigidine diňe bir borç bolman, eýsem, ol her birimiziň perzentlik mertebämize mynasyp bolmakdyr. Çünki Watan mertebesini goramak ähli belentliklerden ýokarydyr. 2025-nji ýylyň şygarynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynda uly many bar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan daşary we içeri syýasatynda, goňşy döwletler bilen halkara hyzmatdaşlygynda Türkmenistan dünýäde agzybirligiň, parahatçylygyň tarapdary bolup çykyş edýär. Garaşsyz, baky Bitarap Watanyna gulluk edýän, eziz Diýarynyň parahat durmuşyny, halkynyň asudalygyny goraýan merdana esger–parahat, asuda ýurduň gaýratly, edermen, merdana ogludyr.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Abadan Diýaryň goragynda» atly sergi guraldy. Sergi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň portreti, Döwlet nyşanlary bilen açylýar. Berdimuhamet Annaýewiň hem-de Mälikguly Berdimuhamedowyň keşbi çitilen haly panno serginiň merkezinde ýerleşdirilip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryna serginiň görnükli ýerinden orun berildi. Sergide Türkmenistan watanymyzyň ösüş-özgerişlerini sungatyň üsti bilen beýan edýän gymmatly zergärçilik eserleri, altyn, kümüş bilen bezelen häzirki zaman sowuk ýaraglar görkezilýär. Bulardan başga-da ýurdumyzyň Milli goşunyny esaslandyrmak baradaky maglumatlar berilýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň şöhratly taryhyny, syýasy we harby durmuşyny, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanan üstünliklerini aýdyň görkezýän gymmatlyklardyr fotosuratlar, sergini görmäge gelenlerde aýratyn täsir galdyrdy.