Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli «Abadançylygyň binýady» atly kitap sergisini gurady.
Taryh sahypalarynda merdana millet hökmünde yz goýan şöhratly pederlerimiziň parahatçylyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen täze taryhy döwürde dünýä ýüzünde belent ykrara eýe bolýar. Ynanyşmak sözünde ynsanlary birek-birege ýakynlaşdyrmak bar. Bu söz Zeminiň ýüzünde asudalygyň, durnuklylygyň ygtybarly geljegini aňladýar. Çünki parahatçylyk bolan ýerde ýaşaýyş bar, gülleýiş bar. Şonuň üçinde parahat durmuşy wagyz etmek her bir ynsanyň borjudyr. Çünki parahatçylyk-tutuş dünýä ynsanlarynyň ymtylýan gymmatlygy. Ynanyşmak bolsa şol gymmatlygyň hemme ynsanlaryň durmuşyna ornaşmagyna barýan ýolda şamçyraga öwrüler. Bu kitap sergisi her bir okyjyda uly täsir galdyrdy. Dünýä ýüzünde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty öňe sürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumyadamzat bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!