logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ABADANLYGYŇ, AGZYBIRLIGIŇ GÜÝJI BILEN BEÝIK ÖSÜŞLERE TARAP

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi “Abadanlygyň, agzybirligiň güýji bilen beýik ösüşlere tarap” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Bedew bady bilen ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň bosagasynda duran mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuny uly buýsanç bilen garşylaýarys. Garaşsyzlyk - türkmen halkynyň ykbalyna berilen egsilmez bagtdyr. Galkynan ýurdum öz synmaz Garaşsyzlygyny gazanandan soňra görülip-eşidilmedik derejede özgerdi, içerki we daşary syýasatynda uly üstünliklere eýe boldy. Agzybirlik, jebislik we bitewilik ýörelgesi bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugry bolup durýar. Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler hem Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, ýagny 23-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynda halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmäge, döwletimiziň barha kuwwatlanmagyna we gülläp ösmegine gönükdiriljek çözgütleriň Kabul ediljekdigi barada buýsanç bilen bellediler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt we bütin adamzat bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.