logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

AMERIKAN NUSGAWY ÇAGALAR WE ÝETGINJEKLER EDEBIÝATYNYŇ KITAP SERGISI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Amerikan nusgawy çagalar we ýetginjekler edebiýatynyň kitap sergi ýarmarkasy geçirildi.

Kitap sergi ýarmarkasyny ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud açyp berdi.

Kitap sergi ýarmarkasynda Amerikan nusgawy çagalar we ýetginjekler,iňlis dili we ylym,tehnologiýa, inženeriýa we matematika (STEM) boýunça gollanmalar we ABŞ-da okamak boýunça kataloglar ýerleşdirildi we sergi ýarmarkasyna gatnaşyjylara tanyşdyryldy. Sergi ýarmarkasyna gatnaşanlar Amerikan nusgawy çagalar we ýetginjekler edebiýatyndan bölekleri okap berdiler şeýle hem iňlis dilinde sözleri harpma-harp dogry aýtmak boýunça “Speliň Bi” bäsleşigi geçirildi.

Kitap sergi ýarmarkasynyň Multimediýa böleginde tanyşdyrylan kitaplara degişli filmler we ýanyna goşulyp okamak üçin sesli kitaplar görkezildi. Soňra bolsa,sergä gatnaşýanlar kitaplar üçin bezelen sahypa belligini ýasadylar. Kitap sergi ýarmarkasynyň ýapylyş dabarasynda guramaçylar «Speliň Bi» bäsleşiginiň ýeňijilerine hormat hatlaryny gowşurdylar.

Soňra bolsa, Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçylary sergi ýarmarkasynyň guraýjylara we şeýle mümkinçilikleri döredip beren, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösmegine giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag bolmaklaryny arzuw etmek bilen öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan bu kitap sergi ýarmarkasy türkmen okyjylaryna Amerikan ýazyjylarynyň edebiýatlaryny has hem gowy bilmäge,öwrenmäge öz täsirini ýetirdi.