logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

AÇYK GAPYLAR GÜNI

AÇYK GAPYLAR GÜNI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymlary, Döwlet kitaphanasynyň işgärleri, şeýle hem ýokary synp mekdep okuwçylary bilen bilelikde «Açyk gapylar güni» geçirildi. «Açyk gapylar gününde» çykyş eden Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymlar şu okuw ýylynda orta mekdebi tamamlaýan ýokary synp okuwçylarynyň ýokary we orta hünär mekdeplerine dalaşgär bolmak üçin ähli şertleriň döredilýändigini,ýurdumyzda biziň ýaş nesillerimiziň ylym-bilim almaklary üçin ähli ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň gapylarynyň açykdygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Olar sözleriniň ahyrynda bize ajaýyp durmuşy bagyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.