Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde ýaş nesilleri hünäre ugrukdyrmak işiniň çäklerinde «Açyk gapylar» güni geçirildi. «Açyk gapylar» güni diýseň täsirli, gyzykly boldy. Çünki bu çärä Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar. Bu çärä mekdebiň kitaphanasy hem göçme sergisini gurnady.
Göçme sergide mugallymlar, talyplar, okuwçylar Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de belli kompozitorlarynyň ýazan ajaýyp kitaplary has täsirli bolup gatnaşyjylarda gyzyklanma döretdi.
Hormatly Prezidentimiz «Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalýan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ynsany täze belentliklere galkyndyrýan, ruhuny belent edýän, nesilleriň uçar ganaty bolan kitabyň gadyry beýik tutulýar.
«Açyk gapylar» güni mynasybetli gurnalan göçme sergä gatnaşyjylar bize ajaýyp durmuşa bagyş eden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň, täze başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maýsa NURYÝEWA
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndanky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň kitaphana müdiri