logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ADAM EDEBINDEN TANALAR...

ADAM EDEBINDEN TANALAR...

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmeni Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge ýöriteleşdirilen № 52-nji orta mekdebinde şol mekdebiň kitaphanaçysy we başlangyç synp okuwçylary bilen «Adam edebinden tanalar...» atly temada söhbetdeşlik geçirdi. Edep-terbiýäniň ilkinji düzgünleri maşgalada öwredilýär. Çaganyň bir ganaty–edep, beýleki ganaty–ylym, bilim bolmalydyr. Çaga terbiýesinde esasy zat jemgyýetde–adam gatnaşygynda abraýly, edepli, il-güne haýyrly şahsyýet bolup, ýetişmegini gazanmakdyr. Çagalarda esasy zat bilimlilik we edep-terbiýelilik mahsus hasaplanýar. Hünärmen çagalar bilen söhbetdeşlikde edep-terbiýe barada türkmen halk ertekilerinden hem sorag-jogap alyşdy. Şeýle hem ata-babalarymyzdan galan, gowy gylyk-häsiýetleri ündeýän nakyllar we atalar sözünden birnäçesini aýdyp berdi. «Düýe ýaly altynyň bolandan, düwme ýaly akylyň bolsun», «Hünärli ýigit hor bolmaz», «Halal işle–haýyr tap», «Ýortan ozar, ýatan tozar» diýen ýaly ajaýyp sözleriň adam edebinde, häsiýetinde gowulyga tarap özgermäge uly ähmiýete eýedigini düşündirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda mekdep okuwçylary edep-terbiýe hakynda türkmeniň görnükli çagalar şahyrlary Azat Rahmanow, Kaýum Taňrygulyýew, Bazar Şalyýew, Hemra Şirowyň goşgularyndan uly höwes bilen aýdyp berdiler.

Söhbetdeşligiň soňunda biziň ýaş nesillerimiz üçin döredilip, berilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.