logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ADY ÄLEME DOLAN TÜRKMEN BEDEWI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi “Ady äleme dolan türkmen bedewi” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, şol sanda atçylyk we seýisçilik sungaty bilen bagly bolan ajaýyp däp-dessurlaryny dikeltmek, ösdürmek we yzygiderli kämilleşdirmek bilen baglanyşykly aladalar Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy we yhlasy bilen ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça giň möçberli toplumlaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Halkymyzyň ençeme müňýyllyklaryň gatlaryna uzap gidýän şöhratly taryhy behişdi bedewlerimiz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmen halky umumadamzat medeniýetiniň ösüşine örän gymmatly ahalteke bedewini ýetişdirip öz goşandyny goşandygyny, bu bolsa halkymyzyň zähmetsöýerligini we ýokary ussatlyk derejesini görkezendigini subut edýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly wagtyny behişdi bedewlerimize bagyşlap, hem-de olary öz ylmy we edebi-çeper döredijiliginde wasp edip, bedew atlarymyza örän uly söýgi bilen garaýandygyny aýtdylar. Alym Arkadagymyz bu barada ýazan kitaplarynda we “Bedew”, “Rowaç” diýen goşgularynda-da türkmen halkynyň durmuşynda bedewleriň eýeleýän ornunyň uludygyny aýdyň beýan edýär.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligini giňden öwrenmäge hem-de beýik şahsyýet hökmünde dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.