logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ady äleme dolan türkmen bedewi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Ady äleme dolan türkmen bedewi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler eziz Watanymyzyň belent ösüşler bilen ynamly öňe barýandygyny, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň we döwletimiziň okgunly ösüş kuwwatynyň aýdyňlygy bilen açylyp görkezilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynda we häzirki döwürde ahalteke bedewleriniň milletimiziň ynamdar ýoldaşy, gözelligiň belent nusgasy bolup durýandygy barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzy gülledip ösdürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.