Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda, ýurdumyzda Döwlet derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli «Adyl kanun, şöhläň dünýä ýaýraýar» ady bilen edebi-sazly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatyň nyşany bolup türkmen halky Döwlet baýdagyny gözüniň göreji, başynyň täji hasaplaýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler. Şeýle-de ýurdumyzda buýsançly pasyrdaýan ýaşyl tugy halkymyzyň Garaşsyz döwlet barada asyrlarboýy eden arzuwynyň amala aşmagynyň nyşany bolmak bilen çäklenmän, eýsem, biziň aňymyzda watançylygyň beýik ruhuny, häzirki wagtda özüniň ajaýyp geljegini gurýan halkymyzyň ruhubelentliklerini berkarar edýän milli mukaddeslik bolup durýandygy barada gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň hem asudalygyň nyşany hökmünde ýaşyl Tugumyzy belentde parladýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.