logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ADYŇYZ HIÇ ÖÇMEZ EZIZ GERÇEKLER

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Beýik Ýeňişiň 80 ýyllygy mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda «Adyňyz hiç öçmez eziz gerçekler» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Ýeňiş güni parahatçylykly, abadan we bagtyýar durmuşy alamatlandyrýan iň gymmatly we mukaddes bolup, tutuş adamzat üçin aýratyn ähmiýete eýedigi, üstünden ençeme ýyllar geçendigine garamazdan, uruş ýyllarynyň agyr ýitgileri baradaky hasratly ýatlamalar dünýä halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hakydasynda baky ýaşaýandygy barada söhbet etdiler. Şeýle-de Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gahrymanlarça söweşen millionlarça adamlaryň parahatçylyk we asudalyk, abadan durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweşlerde belent ahlak sypatlaryny, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň hem-de hakyky watançylygyň ajaýyp nusgalaryny görkezendikleri, ata-babalarymyzyň bu şöhratly, gahrymançylykly ýoly Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylandygy barada giňişleýin beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bizi asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.