logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

AGZYBIRLIK BAGTYÝARLYGYŇ ÖZENI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Aşgabat» seýilgähinde «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Agzybirlik bagtyýarlygyň özeni» atly söhbetdeşlik geçirdi. Häzirki wagtda halkymyzyň ruhy ýörelgelerinden ugur alynyp geçirilýän Türkmenistanyň halk Maslahaty asyrlaryň dowamynda asylly ýörelgeleri, pähim-paýhasy bilen halkymyzyň görelde mekdebi bolup gelýän halkyň ygtybarly wekillerine sarpa goýmagyň, agzybirligiň we jebisligiň subutnamasydyr.

Döwletli maslahatda ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna degişli meselelere garalýar. Ýurdumyzyň ösüşi ugryndaky esasy wezipeler bilen halkymyz giňden tanyşdyrlyp, olary ýerine ýetirmegiň anyk ýollary kesgitlenilýär. Şeýle edilmegi bilen, bu gün türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda agzybirlikde, maslahatly kabul edilýän çözgütler bilen abadan durmuşuň berkararlygyny, täze ösüşleriň binýadyny goýýan. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda buýsançly gürrüňler edildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz Watanymyzy bir supranyň başynda jem edip parasatly başlangyçlary öňe sürýär Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.