Lebap welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Agzybirlik, parahatçylyk baş ýörelgämiz» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Çärä TDP-niň işjeň agzalary we kitaphana işgärleri gatnaşdylar. “Budur türkmen binasy” ady bilen guralan sergi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Çykyşlarda esasan Türkmenistan öz Bitaraplygyny dünýäniň ähli ýurtlary bilen parahatçylyk, dostlukly aragatnaşyklary ösdürmeklige, taraplara peýdaly hyzmatdaşlygy berkitmeklige gönükdirýär. Şu işleri türkmen döwleti Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda alyp barýar. Bu halkara guramasyna agza bolan ilkinji gününden Türkmenistan öz syýasatyny umumyadamzat bähbitlerini türkmen halkynyň milli bähbitleri bilen utgaşdyrmagyň esasynda guramaga girişdi. Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň kabul edilmegi Türkmenistana beýleki ýurtlar bilen deňhukukly özara hormat goýujylykly, olaryň içerki syýasatlaryna gatyşmazlyk şertlerinde deňhukukly gatnaşyklaryň ösmegi üçin amatly şert döredýär. 12-nji dekabry halkara Bitaraplyk güni hökmünde ykrar edilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ýörelgeleýin esasda ulgamlaýyn alnyp barylýandygyna, döwlet syýasatynyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň tutuş Aziýa yklymynda ylalaşdyryjy merkez höküminde halkara abraýyny ýene-de bir gezеk beýgeltdi diýip bellediler.