logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

AHALTEKE ATLARY–GÖZELLIGIŇ AJAÝYP NUSGASY

AHALTEKE ATLARY–GÖZELLIGIŇ AJAÝYP NUSGASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ahalteke atlary–gözelligiň ajaýyp nusgasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde ahalteke bedewi täze taryhy döwrümiziň ganatyna öwrülip, ata Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte –Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy halkymyzyň buýsanjyny has-da goşalandyrandygy barada beýan etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýäde belent derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.