logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

AHALTEKE ATLARY GÖZELLIGIŇ AJAÝYP NUSGASY

AHALTEKE ATLARY GÖZELLIGIŇ AJAÝYP NUSGASY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde «Ahalteke atlary gözelligiň ajaýyp nusgasy» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli medeniýeti,asylly ýörelgesi bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiz, asylly ýörelgelerimiz dünýä ýaýylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň şan şöhraty dünýäde belent derejelere eýe bolýar. Bularyň ählisi asylly maksatlara eýe bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalarydyr, taryhy pursatlarydyr diýip uly buýsanç bilen nygtadylar.

Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.