Şu günler eziz Diýarymyzda türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dürli maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar geçirilýär. Bu ajaýyp baýram mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň bilelikde guramagynda “Ahalteke atlary – tizligiň, çydamlylygyň we gözelligiň nusgasy” atly söhbetdeşlik geçirildi. Seýisleriň, atşynaslaryň we bu ugurdaky hünärmenleriň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu söhbetdeşlikde, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde, türkmen milli atçylyk sportuny ösdürmekde alnyp barylýan köpugurly işler hem-de türkmen milli seýisçilik tejribesi barada gyzykly söhbetler edildi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan sergi geçirilen söhbetdeşlik bilen ajaýyp derejede sazlaşdy.
Ahalteke bedewleri türkmen topragynyň mährini süňňüne siňdirilip ýetişdirilen gymmatlyklarymyzyň iň meşhurydyr. Olar seýisçiligiň milli tejribesi bilen terbiýelenen gylykly atlardyr. Mynasyp atlary ösdürip ýetişdirmek, idetmek ýokary derejeli ussatlygy talap edýär.
Geçmişde aty bolan maşgala gurply hojalyklaryň biri hasaplanypdyr. Gapyda gamyş gulak atyň kişňemegi bagtdan nyşan saýylypdyr. Ady dünýä ýaýylan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde ökde seýisleri öz içine alýan seýisçilik mekdebi döräpdir. Olar atlaryň hakyky janköýerleri bolupdyr. Çünki atlary taýçanaklygyndan kämil derejä ýetirmek abyrsyz zähmeti, irginsiz yhlasy talap edipdir. Atyň gowy seýislenendigini ýa-da seýislenmändigini onuň sypatyndan, endamyndan, ýöreýşinden, iýmitlenişinden, özüni alyp barşyndan bilmegi başaran seýisler çyn bedewleri ösdürip ýetişdiripdirler. Atlar maşgalanyň gözüniň guwanjyna, ýüreginiň buýsanjyna öwrülipdir. Syzgyr, düşbi atlar bilen sözleşilipdir. Olar mähir-söýgi bilen gurşalypdyr. Özüne bolan mähri duýup ulalan bedewler ynsan ýaly üşükli, häsiýetli bedewler bolup ýetişipdir. Halkymyz behişdi bedewleri çeper sungaty bilen döreden şaý-sepleri bilen bezäpdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ahalteke atlarymyz özüniň mynasyp bahasyna eýe bolýar. Ýurdumyzda dünýä ülňülerine laýyklykda atçylyk toplumlary, aýlawlar guruldy, türkmen bedewiniň syratly keşbi Döwlet tugrasynda orun aldy, at çapyşyklary yzygiderli guralýar. Atlar gözellik bäsleşiklerine gatnaşýar, şeýle hem, türkmen bedewiniň şanyna uludan dabaraly toý tutulýar. 2023-nji ýylda türkmen milli seýisçilik sungatynyň ýokary kämilliginiň milli tejribesini özünde jemleýän «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnama ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.
Bize ahalteke atlary ýaly at-abraýy, şan-şöhraty dünýä dolan milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde nusgalyk ýol görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Ogultäç HOJANAZAROWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary