logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

AHALTEKE ATLARY–TÜRKMENIŇ ŞAN-ŞÖHRATY

AHALTEKE ATLARY–TÜRKMENIŇ ŞAN-ŞÖHRATY

Özüniň köp asyrlyk taryhy özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi bilen tutuş dünýäni haýrana goýýan Ahalteke bedewlerimiz türkmen halkynyň mizemez gymmatly hazynasy hasaplanylýar. Behişdi bedewlerimiz türkmenleriň uçar ganaty, göwün syrdaşy, ýow gününde baş ýoldaşy, gözelligiň soňlanmajak nusgasydyr. Häzirki wagtda ata-babalarymyzdan miras galan asylly däplerimizi tutuş Ýer ýüzüne ýaýmakda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar.

Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan “Ahalteke atlary – türkmeniň şan-şöhraty” atly sergi gurnaldy. Sergide muzeýiň gaznasynda saklanýan at esbaplary we bezegleri, eýerler, nallar, jullar, horjunlar, halylar, gadymy gap-çanak we bedewleri şekillendirýän suratlar bar.

Her ýylda aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy uludan bellenip geçilýär. Toý gününde türkmen bedewini has-da bezäp oňa zergärler tarapyndan ýörüte atlar üçin niýetlenip ýasalan dürli şaý-sepleri “gözlük”, ”gulaklyk”, “boýunlyk”, “göwüslik”, “syrtlyk” ýaly alagaýyşly şaýlary diňe bir bezeg bolman, eýsem, gözden-dilden goramak üçin ýörüte eýlenip taýýarlanan gönleriň ýüzüne tylla çaýylan kümüşden, ýüzüne gymmatbaha daşlary goýup oýma nagyşlar bilen bezäp yhlas bilen, söýgi bilen sünnäläp ýasapdyrlar. Türkmeniň taryhyny atsyz gözöňüne getirmek mümkin däl. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri, türkmen atlarynyň tohumyny kämilleşdirip, gözelligi we ajaýyplygy boýunça deňi-taýy bolmadyk atlary ýetişdiripdirler. SURAT

Atalaryň pähminden dörän nakyllaryň aňyrsynda türkmen ýigdiniň öz atyna bolan söýgüsi, mähremligi, buýsanjy görmek bolýar. “Säher turup ataňy gör, ataňdan soň atyňy”, “Ataň barka dost gazan, atyň barka ýol gazan”,“At ýigidiň uçar ganaty, wepaly dostydyr”. 1999-njy ýylda ahalteke tohmundan bolan atlaryň arasynda dünýäniň çempiony Ýanardagyň buýsançly keşbi Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde ýerleşdirildi.

Halkyň köňli, ýüregi, ykbaly, durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly türkmen bedewi owal-ahyr erkinligiň aýdymy diýmekdir, bedew atyň görki-görmegi, behişdi keşbi şol erkinligi döredýän gözellikdir.