Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Ahalteke bedewi – gözelligiň nusgasy” atly kitap sergisini gurnady.
Bu kitap sergisinde Niderlandlar Patyşalygynyň Limburg welaýatynyň Kronenberg şäherindäki Pilbergen atçylyk sport toplumynda Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilendigi baradaky maglumatlar, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da bedewler bilen bagly edebiýatlar hem ýerleşdirildi.
Bu kitap sergisi bedewlerimiziň taryhyny, gelip çykyşyny öwrenmäge uly mümkinçilik döretdi. Şeýle ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.