logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

AHALTEKE BEDEWI–GÖZELLIGIŇ NUSGASY

AHALTEKE BEDEWI–GÖZELLIGIŇ NUSGASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ahalteke bedewi–gözelligiň nusgasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde ahalteke bedewlerimiz ähli toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrülendigi we häzirki döwürde öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden alyp gaýdýan behişdi bedewlerimiz bilen baglanyşykly atçylyk sungatynyň milli ýörelgelerini we däp-dessurlaryny gaýtadan dikeltmek, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak we ösdürmek, ýaşlary atçylyk sporty bilen meşgullanmaga işjeň çekmek, şeýle hem türkmen bedewlerimiziň waspyny bütindünýäde wagyz etmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýänligi barada gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda täze döwrümiziň zynaty bolan behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.