logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

AHALTEKE BEDEWLERI DÜNÝÄ GYMMATLYKLARYNYŇ NAÝBAŞY NUSGASYDYR

AHALTEKE BEDEWLERI DÜNÝÄ GYMMATLYKLARYNYŇ NAÝBAŞY NUSGASYDYR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ahalteke bedewleri dünýä gymmatlyklaryň naýbaşy nusgasydyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini, ahalteke bedewlerimiz milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy bolup dünýä gözelligini özünde jemleýän ajaýyp ahalteke atlarymyz bütin dünýäde ýurdumyza, halkymyza meşhurlyk getirýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de mizemez genji-hazynamyza öwrülen, asyrlaryň dowamynda türkmeniň at-abraýyny, mertebesini saklan milli atçylyk sungatymyz häzirki döwürde-de beýik ösüşlere beslenýändigi barada buýsanç bilen beýan etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen atçylyk we sirk sungatyny ösdürmekde, dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.