logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

AHALTEKE BEDEWLERI GARAŞSYZ WATANYMYZYŇ BUÝSANJY WE ŞÖHRATY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli «Ahalteke bedewleri Garaşsyz Watanymyzyň buýsanjy we şöhraty» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bagtyýar durmuşyň hözürini görüp ýaşaýan mähriban halkymyz 2026-njy ýyly ýagşy arzuwlar bilen garşy alandygyny we ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýilip atlandyrylmagy halkymyzyň ruhuny has-da belende göterendigini, çünki Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bedew bady bilen okgunly ösüşi alamatlandyrýandygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.