logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

AHALTEKE BEDEWLERI TÜRKMEN HALKYMYZYŇ GENJI HAZYNASYDYR

AHALTEKE BEDEWLERI TÜRKMEN HALKYMYZYŇ GENJI HAZYNASYDYR

Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Ahalteke bedewleri türkmen halkymyzyň genji hazynasydyr» atly medeni söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda 2025-nji ýylyň 19-20-nji ýanwary aralygynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna amala aşyran sapary hakynda aýratyn bellenip geçildi.

Türkmenistan gadymy medeniýetleriň we beýik dessurlaryň ýurdydyr. Ahalteke bedewleri özleriniň köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi bilen diňe bir türkmen halkynyň dälde umumyadamzadyň gymmatly hazynasyna öwrüldi. Ahalteke bedewleriniň ata-babalary-şöhratly «Nusaý atlary» tutuş dünýäniň atçylygynyň täji bolmak bilen çäklenmän, eýsem, älem-jahana hakyky sungat eserini peşgeş beren gadymy türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň subutnamasyna öwrüldi.

Türkmen halkynyň ençeme müňýyllyk taryhy ýyndam ahalteke bedewleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu bedewleriň kämilligi, adamlaryň ýakyn syrdaşy hasaplanylmagy türkmen halkynyň zehinli halkdygyna şaýatlyk edýär. Çünki şöhratly atşynaslar, zehinli seýisler ähli güýjüni, zehinini, kalbyny asylly işe bagyş edip, bedewleriň tebigat bilen sazlaşygyny, adamlar bilen utgaşykly ösüşini kemala getirmegi başarypdyrlar. Hut şonuň üçin hem türkmen milli seýisçilik ýörelgeleri sungat derejesine göterilipdir.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň behişdi bedewlerimiziň at-abraýyny dünýä ýaýmakda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!