logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

AHELTEKE BEDEWLERI TÜRKMEN HALKYMYZYŇ GENJI HAZYNASYDYR

AHELTEKE BEDEWLERI TÜRKMEN HALKYMYZYŇ GENJI HAZYNASYDYR

Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Ahelteke bedewleri türkmen halkymyzyň genji hazynasydyr» atly medeni söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda 2025-nji ýylyň 19-20-nji ýanwary aralygynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhammedowyň Monako Knýazlygyna amala aşyran sapary hakynda aýratyn bellenip geçildi, hem-de türkmen bedewleri barada giňişleýin gürrüň edildi.