logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

AHLAK TERBIÝESI – YNSAN GÖZELLI

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 115-nji okuw terbiýeçilik toplumynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Habarlar” gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Ahlak terbiýesi – ynsan gözelli” atly söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi.
Çärämiziň hormatly myhmanlary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ylmy-usulyýet müdirliginiň usulçy redaktory Baýram Goçmyradow hem-de Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, Aşgabat şäher häkimliginiň hormatly enesi, Türkmenistanyň zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň işjeň agzasy Ogulnabat Owlakowa ýaş nesilleriň akylly-başly kemala gelmeginde döwletimizde durmuşa geçirilýän beýik işler barada täsirli gürrüňleri berdiler.
Kitaphana hünärmenleriniň perzentleriň terbiýeli ynsan bolmagy üçin türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklary bolan türkmen edebiýatymyzyň egsilmez çeşmesi hasaplanylýan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”, “Ýaşlar Watanyň daýanjy”, “Paýhas çeşmesi” atly gymmatly kitaplaryň ähmiýeti hakynda söhbetleri uly gyzyklanma bilen diňlenildi. Ynsan gözelliginiň esasyny düzýän edep-terbiýe baradaky eserlerden ybarat göçme kitap sergisi hem guraldy.
Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesilleriň arassa ahlakly, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesiller bolup ýetişmeklerinde alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.