logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

ÄHLI ZAT ÇAGALAR ÜÇIN

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýurdumyzda ikinji gezek geçirilýän ýagny Awgust aýynyň 21-23 aralygynda Türkmenistanyň Söwda–senagat edarasynda «Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin» atly halkara serdi ýarmarka kitap diwarlygy bilen gatnaşdy. Bu halkara sergi–ýarmarkasyna gatnaşmak bilen biziň Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň alyp barýan işleri bilen tanyş bolan körpeje nesillerimiziň ençemesiniň biziň kitaphanamyza ýazylmak islegleri döredi. Bu bolsa kitaphanamyzyň täze okyjylarynyň döremegine hem sanynyň artmagyna ýardam etdi.

Üç günläp öz işini üstünlikli dowam eden sergi ýarmarkasynda işjeň gatnaşyp şowhunly geçmegine ýakynda ýardam eden Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyna degişli «Diplom» bilen sylaglanmagy bolsa buýsandyryjy waka boldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar «Çagalaryň gülkisi iň ajaýyp senadyr» diýip körpejelerimiziň baky bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we «Çagalar ömrimiziň gül gunçalar» diýip ýaş nesillerimize uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlar beýan etdiler.