Parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýär. Bitarap ýurdumyz öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň birnäçesi, şol sanda 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalar hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.
2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama hem Türkmenistanyň başyny başlan parahatçylyk döredijilikli gün tertibiniň logiki dowamy bolup durýar. Bu resminama diňe bir 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara derejede parahatçylyk söýüjilik, öňüni alyş diplomatiýasy taglymatynyň yzygiderli tarapdary hökmünde Türkmenistanyň başlangyçly ornuny has-da berkidýär. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilen ozalky resminamalar bu taglymatyň konseptual binýadyny goýan bolsa, täze Kararnama olary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara forum agzalan Kararnamanyň çäklerinde guraljak esasy çäre bolar.