logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

AJAP DÖWRÜŇ BAGTYÝAR NESILLERI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda «Ajap döwrüň bagtyýar nesilleri» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan umumybilim berýän orta mekdeplerde döwrebap bilim-terbiýe almagy, sport bilen meşgullanmagy, göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreler, dürli görnüşli ýaryşlar, döredijilik we zehin bäsleşikleri, sport ýaryşlarynyň, gezelençleriň yzygiderli gurnalýandygy barada hem belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda durmuşymyzyň gül-gunçalary bolan çagalaryň gülki sesleriniň belentden ýaňlanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.