logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

AJAÝYP AT BERIP ÝYLYŇ ADYNA-BAT GOŞDUŇYZ ÖSÜŞLERIŇ BADYNA

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 132-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli «Ajaýyp at berip ýylyň adyna - bat goşduňyz ösüşleriň badyna» ady bilen aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler halkymyzyň buýsanjyna, tutuş adamzadyň genji–hazynasyna öwrülen ahalteke bedewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň belent ruhyny, ösüşlerimiziň ýokary depginini aýdyň görkezýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýetini, dünýä derejesinde ykrar edilen ata Watanmyzyň bedew batly ösüşleri, milli gymmatlyklarymyzyň belent sarpasy aýdyň şöhlelenýändigi barada çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda 132-nji orta mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde watanmyzy wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlanyp çärä gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady.

Çäräniň ahyrynda Türkmen halkymyzy bedew batly ösüşler bilen ak ýollardan alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.