logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

AJAÝYP ESERLER ÄLEME NUSGALYK

AJAÝYP ESERLER ÄLEME NUSGALYK

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Ajaýyp eserler äleme nusgalyk» atly gürrüňdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren bahasyna ýetip bolmajak gymmatly eserleri hem Watanymyzyň gülläp ösüşine gönükdirilen aýdyň maksatlaryň jemi bolup, biziň üçin mizemez ýol-ýörelgedir. Döredijilik zehini kämil bolan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýazýan, döredýän eserleri bu gün äleme nusgalyk mekdep bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmeniň ruhy we maddy gymmatlyklary, medeni baýlyklarymyz, milli däp-dessurlarymyz hakda söz açýan her bir eserlerinde geçmişiň müň bir paýhasy, geljege gerekli parasady bardygy barasynda gürrüň etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda bizi döwletli döwranda ýaşadýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.