Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen ýaşlarynyň döwrebap ylym-bilim almagy, öndürijilikli zähmet çekmegi, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda ýaşlarymyz halkara maslahatlaryna, forumlaryna, festiwallaryna hem-de bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşýarlar. Munuň özi, ýaşlarymyzyň aň-düşünjesini, zehinini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler we şertlerdir.
Şu ýylyň 17-21-nji oktýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Trabzon şäherinde geçirilen “Türki dünýäsiniň Ýaşlar forumyna” türkmen ýaşlarynyň gatnaşmagy hem muňa aýdyň subutnamadyr. Bu forumyň çäklerinde guralan çäreler oňa gatnaşan ýaşlaryň kalbynda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.