logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

AJAÝYP TÜRKMEN AÝDYMÇYSY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri kitaphananyň sungat bölüminde Türkmenistanyň halk artisti, opera aýdymçysy Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 105 ýyllygyna bagyşlap, «Ajaýyp türkmen aýdymçysy» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ussat opera aýdymçysy Maýa Kulyýewanyň türkmen aýdym-saz sungatyna bagyşlanan manyly ömri, nesillere nusga bolan döredijilik ýoly barada täsirli söhbet edildi. Şeýle-de häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen medeniýetini, sungatyny has-da ösdürmek, ömrüni medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge bagyş eden sungat ussatlarymyzy hormatlamak, sarpalamak, olaryň ölmez-ýitmez döredijiligini ýaş nesillere ýetirmek babatda alyp barýan beýik işleri dogrusynda buýsançly nygtadylar.

Sungat bölüminde gurnalar sergi hem bölümiň sungaty söýýän, höwesjeň okyjylarynda aýratyn täsir galdyrdy. Bagtyýar zamananyň kitaphanaçylary döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.