logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

AJAÝYP ZAMANAÑ BAGTYÝAR NESILLERI

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hemişelik okyjylary we agzybir işgärleri bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiñ bäş ýyllygy mynasybetli «Ajaýyp zamanaň bagtyýar nesilleri» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiñ dowamynda gaznanyň döredilen gününden häzirki wagta çenli alnyp barlan haýyr-sahawat işleri barada buýsançly gürrüňler edildi. Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň hem bu gaznanyň hasabyna gurulmagy ýurdumyzda nesil hakynda edilýän aladanyň şeýle-de ata-babalarymyzdan miras galan ynsanperwerlik, rehimdarlyk ýörelgeleriniň dowam etdirilmeginiň aýdyň subutnamasydygy buýsanç bilen nygtaldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.