logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

AK ARZUWLAR

Ajaýyp ak arzuwlara,

Dolup gelsin Täze ýylmyz,

Şöhrat-şanly ýeňişlerni ,

Besläp gelsin Täze ýylmyz!


Bedew batly ösüşleri,

Döwrümize zyban bolsun,

Medeniýet, sungatym gülläp,

Göwünlere kelam bolsun!


Her ojakda, şatlyk-gülki,

Mähribanlyk dowam bolsun,

Ulus-ile bagtyýarlyk ,

Iň gymmatly serpaý bolsun!


Hoş owazly mukamlarmyz,

Ýagşy günleň waspyn ýaýsyn,

Ýer ýüzüne ösüşlermiz,

Hemişelik nurun çaýsyn!


Dost-doganly Diýarmyzda,

Ak ýollarmyz rowan bolsun,

Maksatlar myrada gowşup,

Ädimlermiz dowam bolsun!


Ogulgurban Gaşlakowa