logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ak şäherim Aşgabat

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda durmuşymyzyň her bir pursady Aşgabat şäheriniň gülläp ösmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ajaýyp şäherimiz dünýäde deňi-taýy bolmadyk şöhratly bedewleriň, nepisligiň gaýtalanmajak nusgasy bolup dünýä dolan türkmen halylarynyň we ýene-de köp täsinlikleriň jemlenen ýeridir. Joşgunly ylhama ganat berýän gözel şäherimiziň taryhy Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda has-da şöhratlanýar, dünýä ýüzüne ýaň salýar. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilen söhbetdeşlikde kitaphanaçylar şular dogrusynda çykyş etdiler we şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren we ony parasatly dolandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.