logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Ak şäherim Aşgabat

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy bilen Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Ak şäherim Aşgabat” güni mynasybetli şowhunly, aýdym-sazly ertirlik geçirildi. Güneşli Türkmenistan Watanymyzda gözel şäherimiz Aşgabadyň gününi dabaraly ýagdaýda belläp geçmek ençeme ýyl bäri däbe öwrüldi. Aşgabat – gözelligiň, tämizligiň, ajaýyplygyň şäheri. Şäheriň sergin säherlerinde türkmen halkynyň kalby, ýüregi gül bolup açylýar. Ak şäheriň nurana ýollaryna, tämiz seýilgählerine we dynç alyş meýdançalaryna seýil edeniňde, onuň jana şypaly howasyna, gülden görkli jemalyna we ajaýyplygyna haýran galýarsyň. Gün-günden gözelleşýän Watanymyzda her bir gün toý-baýrama beslenen. Mähriban Diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar. Toýlar asudalygyň, parahatlygyň nyşany. Türkmen halkynyň bellenilmegi däbe öwrülen baýramçylyklaryndan biri bolan Aşgabat şäheriniň güni – türkmen halkynyň öz şäherine bolan buýsanjynyň, guwanjynyň toýudyr. Geçirilen çärede paýtagtymyzy wasp edýän aýdymdyr-sazlar ýaňlandy. Mekdebiň direktory we mugallymlary çykyş edip, ýürek buýsançlaryny aýtdylar. Okuwçylar bolsa gözel şäheriň waspyny ýetirýän goşgular okadylar.

Edebi-sazly ertirligiň dowamynda Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmeni ýaş okyjylaryň arasynda geçirilen “Sesli ertekileri okaýaryn” atly bäsleşikde ýeňiji bolan körpeje okyjylara, mekdebiň mugallymlaryna minnetdarlyk bildirilip, olara kitaphananyň adyndan “Hormat haty” gowşuryldy. Edebi duşuşygyň ahyrynda ýaş nesillerimize giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.