Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag teleýaýlymynyň gurnamagynda “Ak şäherimiziň bagtyýar nesilleri” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakynda taýsyz tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde okuw-terbiýeçilik edaralarynyň, sport maksatly binalaryň yzygiderli gurlup ulanylmaga berilmegi diýseň guwandyryjydyr. Elbetde, bu döwletli işleriň sakasynda bolsa Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly aladalary ýatyr. Bu günki ýaş nesil ertirki ylym-bilimli kämil şahsyýetlerdir. Söhbetdeşligiň dowamynda gepleşige gatnaşýan çagalar Watanymyzy wasp edýän goşgularyny uly buýsanç bilen aýdyp berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda, ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyşlar aýdyldy.