logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

AK ŞÄHERIŇ NURANA ERTIRI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Ak şäheriň nurana ertiri» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Çaga geljegimiziň dowamaty. Ýüzlerimiziň ýylgyrşynyň sebäpkärleri. Olaryň sagdyn ösmegi, sowatly, hünärli, jemgyýete peýdaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilýär. Ynha bu gün hem biziň Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda biziň geljegimiziň dowamaty bolan çagajyklarymyz tomus möwsüminde boş wagtlary kitaphanamyzyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp özleriniň ukyp başarnyklaryny açyp görkezmäge gelýärler. Bu bolsa çagalarda okamaga, öwrenmäge döretmäge bolan isleginiň artmagyna kömek edýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly – bilimli giň dünýä garaýyşly, Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ja¬nlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bäh¬bit¬li tut¬ýan tu¬tum¬ly iş¬le¬ri üs¬tün¬lik¬le¬re bes¬len¬sin!